Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şu jähetden, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentdedigini görkezýär.
Türkmen zenanlary hakda gürrüň edilende, Milli Liderimiziň käbesi, döwlet Baştutanymyzyň enesi Ogulabat ejäniň bitiren hyzmatlarynyň ähli gelin-gyzlar üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny buýsançly bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri bolsa mährem enelerimize belent söýgüniň, çäksiz hormat-sylagyň aýdyň beýanydyr. Eseriň her bir bölüminde mährem käbelerimize bolan buýsanç, belent sarpa, gadyr-gymmat ör-boýuna galýar, ene mukaddesligi ajaýyp ylham joşguny bilen beýan edilýär.
Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda hormatly Prezidentimiziň 27-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem olara ýylyň-ýylyna döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy bolsa milli ýörelgelerimizi dowamata atarýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mylaýym ýaz paslynyň ilkinji baýramy bolan Halkara zenanlar güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenýär. Bu özboluşly halkara baýramyň şanly ýylymyzyň şygary hem-de onuň döredijilik ruhy bilen many-mazmun taýdan özara berk baglanyşykly gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Ýylyň zenany», «Talyp gözeli» ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz — zenanlara aýratyn sarpa goýup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.