Dark
Light
16.07.2026
eneler has THE ASHGABAT TIMES

Zenan – mukaddes ojagyň goragçysy

07.03.2026

Halkymyzda zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Çünki zenan — mukaddes ojagyň goragçysy. Onuň yhlasy, wepalylygy bilen abadan ýaşaýyş dowamat-dowam bolýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz mähir bar» diýip bellemegi doly aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

Ene-mamalarymyz — nesil terbiýesiniň kämil mugallymlary. Gadymdan bäri dowam bolup gelýän döwletlilik ýörelgeleri, türkmeniň ganyna siňen päk ahlak gymmatlyklary, adamkärçilik sypatlary ene-mamalarymyzyň diňe bir maşgalanyň içinde däl, tutuş jemgyýetdäki öwüt-ündewleri, terbiýesi bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen zenanlary sungaty, milli el işleri, maddy we ruhy baýlyklary bilen dünýäde meşhurdyr. Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bitiren hyzmatlary hem ähli zenanlar üçin görelde mekdebidir.

Zenanlaryň sarpalanýan, olaryň mukaddeslige deňelýän ýurdunda ýaşamak, döredijilikli, halal zähmet çekmek uly bagtdyr. Bu gün şeýle bagtdan paýly türkmen zenanlarynyň zähmetine uly baha berilýär. Her ýylyň 8-nji martynda kiçi ýaşly gyzjagazlarymyzdan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli bagtyýar zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelerimize Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy biz — zenanlaryň belent başyny göge ýetirýär.

Ähli zenanlarymyza uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüregimizde beslän alkyş-hoşallyklarymyz çäksizdir.

Ogulgerek ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy bakalawr hünäriniň 107-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 8504 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşkentde bilim hyzmatdaşlygy: Türkmenistanly hünärmenler AELLCA sammitine gatnaşýarlar

fabrika formatov1000026244 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitap – zenan kalbynyň nury

Soňkylar Makalalar

Ahalteke bedewleriniň şanyna

15.07.2026
2026-njy ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ýyl «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan –

Geňeşli il – döwletli il

15.07.2026
Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň

Elektron kitaphanalar – döwrüň talaby

14.07.2026
Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz

Üstünlik hemraňyz bolsun, hormatly dalaşgärler!

14.07.2026
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Bu möhüm möwsüme Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin

Bagtyýar geljege binýat

14.07.2026
Halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de sahawatlylyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň özenine öwrüldi. Häzirki wagtda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata
GitTop