Bosagada – Halkara zenanlar güni. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir» atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň geçirilmegi zenanlara goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýär.
Uly buýsanç bilen nygtasak, döwlet Baştutanymyzyň 20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada, kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2026-njy ýylyň 2 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberinde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyran bu serpaý biz — zenanlaryň göwnüni galkyndyrýar.
«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen baş şygarlar esasynda berkarar Watanymyzda mähriban zenanlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar.
Biz — zenanlara aýratyn sarpa goýup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Perwana ABSAMATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy bakalawr hünäriniň 106-njy toparynyň talyby.