Dark
Light
16.06.2026
zenanlar f THE ASHGABAT TIMES

Zenan sarpasynyň nusgasy

02.03.2026

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär. Çünki bahar pasly özi bilen Halkara zenanlar baýramçylygyny hem alyp gelýär. Bu baýramyň döwlet derejesinde bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zenanlara goýulýan belent sarpanyň, hormatyň nyşanydyr.

Türkmen zenanlarynyň özlerini watansöýüji, ar-namysly, edep-ekramly, salyhatly, gaýratly, süňňi sagdyn, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadandyklary dogrusyndaky maglumatlar taryhyň sahypalarynda aýratyn orun alypdyr. Taryhda zenanlaryň tutýan orny baradaky pikirler geçmişde baky yz goýan zenan şahsyýetleri — Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Agaýunus peri, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn, Güljemal han… ýaly edermenligiň taýsyz nusgalaryny biygtyýar ýadyňa salýar.

Türkmen zenanlary Beýik Watançylyk urşunda hem gaýratlylyk görkezipdirler. Şol wagtky Türkmen döwlet medisina institutynyň 140-dan gowrak zenan uçurymy urşuň gidýän ýerlerinde — meýdan hassahanalarynda, saglygy goraýyş-arassaçylyk batalýonlarynda işläp, Watan goragyna gatnaşypdyrlar. Medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa, şeýle-de Dürjemal Ysmaýylowa, M.Bagşyýewa, K.Kulyýewa, A.Orazowa… dagylaryň uruşda bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok. Olar II Jahan urşunyň ýalnyndan doly geçdiler.

Dünýäniň görküne deňelýän eneleri, Zeminiň zynaty hasaplanýan gelin-gyzlary hormatlamagyň asyrlar aşan parasatly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň özi-de eneler hakynda aýdylanlaryň, ýazylanlaryň üstüni ýetirýär, kalba ýakymly ene sözüniň, sözleri alkyşly zenanlaryň, eli çeper gyzlaryň ynsan aňyýetinde, umumadamzat durmuşynda tutýan ornuny belende göterýär.

Mähriban zenanlarymyza belent sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň medeni durmuşyny baýlaşdyrmakda, jemgyýetimizi has-da ösdürmekde alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!

Merjen HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň rus dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew bady bilen bilim belentliklerine

kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maşgala – jemgyýetiň mukaddesligi

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop