Dark
Light
09.10.2026
gyzlar dagda THE ASHGABAT TIMES

Zenan ýylgyrsa, Zemin ýylgyrar

03.03.2026

Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin ähli durmuş ýeňillikleri döredilýär. Tebigatyň ajaýyp keşbe giren çagynda — baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentde saklanýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen şygary esasynda berkarar Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamaklary, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen paýhasly sözleri ata-ene, maşgala mukaddesligi bilen bir hatarda, bütin halkyň mertebesini has-da belende götermek baradaky aladadan nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri mährem enelerimize belent söýgüniň, çäksiz hormat-sylagyň aýdyň beýanydyr. Bu eser «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan dört bölümden ybarat. Eseriň her bir bölüminde mährem käbelerimize bolan buýsanç, belent sarpa, gadyr-gymmat örboýuna galýar, ene mukaddesligi çäksiz ylham, joşgun bilen beýan edilýär.

Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Nurbibi ATANÝAZOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

terbiye nesil yasuly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr

saadd THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalar – durmuşymyzyň gymmatlygy

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop