Dark
Light
09.08.2026
gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES

Zenanlaryň bagtyýarlygy – döwletiň abadançylygy

06.03.2026

Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Şu jähetden, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen jemgyýetimizde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berlip, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentdedigini görkezýär.

Türkmen zenanlary hakda gürrüň edilende, Milli Liderimiziň käbesi, döwlet Baştutanymyzyň enesi Ogulabat ejäniň bitiren hyzmatlarynyň ähli gelin-gyzlar üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny buýsançly bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri bolsa mährem enelerimize belent söýgüniň, çäksiz hormat-sylagyň aýdyň beýanydyr. Eseriň her bir bölüminde mährem käbelerimize bolan buýsanç, belent sarpa, gadyr-gymmat ör-boýuna galýar, ene mukaddesligi ajaýyp ylham joşguny bilen beýan edilýär.

Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda hormatly Prezidentimiziň 27-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem olara ýylyň-ýylyna döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mylaýym ýaz paslynyň ilkinji baýramy bolan Halkara zenanlar güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenýär. Bu özboluşly halkara baýramyň şanly ýylymyzyň şygary hem-de onuň döredijilik ruhy bilen many-mazmun taýdan özara berk baglanyşykly gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Göwher JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 104-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sergi 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi açyldy

zenanlar g THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenan sarpasynyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop