Dark
Light
09.08.2026
agb energy calls for unified s 88877c02a17a70356ccf94a415c454ff sm THE ASHGABAT TIMES

«AGB Energy»: Transhazar geçelgesi üçin bitewi strategiýanyň bolmagy zerurdyr

28.04.2026

Britaniýanyň «AGB Energy» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Rewzin Orta geçelgäniň, ýagny Transhazar ulag geçelgesiniň netijeli ösdürilmegi üçin bitewi we ylalaşylan strategiýanyň bolmagynyň zerurdygyny aýtdy. Bu barada Sergeý Rewzin Baku şäherinde geçirilen «Hazar we Merkezi Aziýa» atly II nebit söwda-ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «Report» agentligi anna güni habar berdi.

Bilermeniň aýtmagyna görä, geçelgä gatnaşyjy ýurtlar işlerini utgaşyklylyk we bitewi çemeleşmeler esasynda gurmalydyrlar. Sergeý Rewzin meňzeş düzgünleriň we standartlaryň ornaşdyrylmagy ulag-logistika amallarynyň öňünden çaklanylyşyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Mundan başga-da, «AGB Energy» kompaniýasynyň baş direktory bir ýyl üçin durnukly nyrhlary girizmek meselesini garamagy teklip etdi. Bu bolsa degişli ugur boýunça daşamalaryň durnuklylygyny we aç-açanlygyny üpjün edip biler.

Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny özara baglanyşdyrýan Halkara Transhazar ulag geçelgesi (Orta geçelge) demir we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmakda peýdalanylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bb 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen kompaniýalary «B2B Exchange» formatynda britan işewürleri bilen duşuşarlar

hemra kosmos THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«TürkmenÄlem52°E» milli emeli aragatnaşyk hemrasyna 11 ýyl!

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop