Ençeme asyrdan bäri türkmeniň adyny ähli yklymlara meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biri-de ahalteke bedewlerimizdir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu jandaryň ornunyň biçak uludygyny aňladýar.
Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistan bilen atçylyk pudagynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dürli döwletleriň atçylyk düzümleriniň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygy üçin abraýly meýdança öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Halkara bäsleşikleriň ýokary baýraklaryna mynasyp bolýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy gün-günden artýar. Şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda topara halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny belent derejelere ýetirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki bedew ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň nyşany bolup, her bir türkmeniň milli mirasymyza söýgüsiniň janly ýadygärligidir. Goý, ahalteke bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!
Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.