Dark
Light
13.05.2026
jay arka THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

25.04.2026

Düýn, 24-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri, bagşy-sazandalar, tansçylar, folklor toparlary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar hem-de täze jaýa göçüp gelen atçylyk pudagynyň işgärleri we olaryň bagtyýar maşgalalary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda ussat atşynaslar täze öýleriň açarlaryny çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegi ugrundaky çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynda döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Jaýlaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda iň häzirki zaman binagärlik çözgütleri ulanylyp, otaglaryň ýerleşdirilişi türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän derejede amala aşyrylypdyr. Şeýle hem binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, onuň çäginde milli toý-dabaralary geçirmek we sadaka bermek üçin ýörite binalar hem gurlupdyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew 2626 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ahalteke bedewleri – dünýä atşynaslygynyň nusgasy

bedew pyyada THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Owazasy dünýä dolan bedewler

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop