AŞGABAT, 2026-njy ýylyň 27-nji apreli — Şu gün BMG-niň binasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde gurnalan iş maslahaty geçirildi. Duşuşyda Türkmenistanyň aýallaryň hukuklaryny goramaga degişli hereket edýän kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň seljermesiniň netijeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Çäre Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň (CEDAW) Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasynyň”, şeýle hem UNFPA bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda gol çekilen “Gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek” boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň amala aşyrylmagynyň çäginde geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli komitetleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Adalat, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem Adalatçynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurduň häzirki hukuk binýadynyň halkara standartlaryna laýyklygy baradaky seljermäniň netijeleri bilen tanyşdylar. Aýallaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy namalary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amaly maslahatlary taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Maslahat bu ugurdaky hukuk reformalarynyň bitewi garaýşyny kemala getirmek üçin milli hünärmenleriň we degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasyndaky açyk hyzmatdaşlyga we konstruktiw gepleşiklere esaslandy.
Goşmaça maglumat üçin: Mehri Karakulowa, Gender deňligi we ýaşlar syýasaty babatyndaky meseleleri boýunça bolüm müdiri.