Dark
Light
13.05.2026
hytayfor THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

17.04.2026

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi «Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalary: serişdeler binýady, maýa goýum mümkinçilikleri we eksport infrastrukturasynyň ösüşi», «Türkmenistan — Hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleri taýýarlamak» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tehnopa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

160426 014 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy (foto)

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop