Dark
Light
20.04.2026
sergi hyzmat THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy

03.04.2026

Düýn, 2-nji aprelde Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy.

Sergä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iri kärhanalarynyň 100-e golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar. Onuň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Sergide Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýadan, Italiýadan, Russiýadan, Özbegistandan gelen köp sanly kompaniýalaryň önümçilik kuwwatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak mümkin. Olar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ýöriteleşen kompaniýalardyr.

Köpugurly sergi 4-nji aprelde öz işini tamamlar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady maksat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä ykdysadyýeti – uly bazar

ushu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýä çempionatyndan 7 medal!

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop