Dark
Light
13.05.2026
konkur 26 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda konkur boýunça ýaryş geçirildi

23.04.2026

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar üç tapgyrda güýjüni synadylar. Oňa ýurdumyzyň iň saýlama bedewleriniň 10-sy gatnaşyp, olar birinji hem-de ikinji tapgyrlarda, degişlilikde, 110 santimetr, soňra bolsa 120 santimetr beýiklikdäki päsgelçiliklerden yzygiderli böküp geçdiler. Maneždäki gyzgalaňly we dartgynly pursatlar jemleýji tapgyrda has-da aýdyň duýuldy. Bu tapgyrda bedewler 130 santimetr beýiklikdäki çylşyrymly böwetlerden bökdüler. Bäsleşigiň jemi jemlenende, esasan, päsgelçiliklerde jerimesiz ýa-da az jerime alan, şeýle hem gysga wagt netijesini görkezen atly türgenler tapawutlandylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ykdysadyýetiň innowasion ösüşini kämilleşdirmegiň möhüm şertleri

res sergi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gazak paýtagtynda «RES 2026 EXPO» sergisi açyldy

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop