Dark
Light
10.06.2026
mate olim THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasy açyldy

10.04.2026

Düýn, 9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilýän III halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän zehin bäsleşigi ýurdumyzdan we daşary döwletlerden ýaş matematikleri hem-de olaryň mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Halkara matematika olimpiadasyna Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Eýran ýaly döwletlerden we Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň jemi 200-e golaýy gatnaşýar.

Açylyş dabarasy bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň eýwanynda guralan sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleri, bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, zehinli ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, şekillendiriş sungatyna degişli eserler görkezildi. Şeýle hem olimpiada gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň taryhyna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan muzeýlerde ýerleşdirilen gymmatlyklary hem synladylar.

Olimpiadanyň geçirilýän günlerinde oňa gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleriň guralmagy-da göz öňünde tutulýar. Halkara zehin bäsleşiginiň ilkinji gününde olar paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, bu ýerde ýerleşýän muzeý bilen ýakyndan tanyşdylar. 

Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew bady – belent maksatlar

fin fest THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda «FinFest Turkmenistan 2026» maliýe festiwaly geçiriler

Soňkylar Habar

GitTop