Dark
Light
13.05.2026
whatsapp image 2026 04 11 at 16.14.15 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda Ýewropa gününi bellemek üçin “Dostluk ganatlary” ylgawy geçirildi

13.04.2026

Aşgabat, Türkmenistan – 2026-njy ýylyň 11-nji apreli. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Run Rush” ylgaw jemgyýetiniň goldawy bilen Aşgabatda “Dostlyk ganatlary” Ylgawy: ÝBxTürkmenistan” atly köpçülikleýin sport çäresini gurnady. Ýewropa gününi bellemek çäreleriniň çäginde we Bütindünýä saglyk güni bilen baglanyşyklylykda geçirilen çäre joşgunly we inklýuziw atmosferada 650-den gowrak hasaba alnan gatnaşyjyny bir ýere jemledi.

whatsapp image 2026 04 11 at 16.14.47 THE ASHGABAT TIMES

2025-nji ýylda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak marafony” çäresiniň üstünlikli tejribesine daýanmak bilen, 2026-njy ýylyň ylgaw ýaryşy bu oňyn däbi täzelenen formatda dowam etdirdi we sport hem-de jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy arkaly Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitdi.

Ýewropa Bileleşiginiň gymmatlyklaryna we Ýewropa gününiň ruhuna esaslanyp, jebisligi, inklýuziwligi we raýdaşlygy öňe sürýän bu çäre şäher möçberindäki sport baýramçylygynda ussat türgenleri, höwesjeň ylgawçylary, ýaşlary, çagalary, maşgalalary we maýyplygy bolan adamlary bir ýere jemlemek arkaly sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini höweslendirmegi maksat edindi. Ol oňyn jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, özara hormaty we jebislik duýgusyny ösdürip, hyzmatdaşlygyň we abadançylygyň umumy gymmatlyklaryny şöhlelendirdi.

Ýewropa Bileleşigi üçin sport diňe bir fiziki işjeňlik däl, eýsem arabaglanyşyk gurmak we umumy gymmatlyklary öňe sürmek üçin güýçli guraldyr. Ol toparlaýyn işi, tertip-düzgüni, hormaty we gaýduwsyzlygy ösdürýär. Bular bolsa güýçli we inklýuziw jemgyýetler üçin möhüm häsiýetlerdir. “Dostluk ganatlary” ylgawy ýaly çäreler sportuň dürli jemgyýet toparlaryndan bolan adamlary bir ýere jemläp bilýändigini we has sagdyn jemgyýetleri döretmäge ruhlandyrýandygyny görkezýär.

Ylgaw ähli ýaşdaky we dürli taýýarlyk derejesindäki gatnaşyjylara niýetlenen üç aralyk kategoriýasyny öz içine aldy we Aşgabat şäheriniň merkezi böleginde ýerleşýän, gözel hem-de nyşanlaýyn ýaşyl giňişlik bolan Garaşsyzlyk seýilgähinde geçirildi. Bu ýer gowy guralan we elýeterli ýodany üpjün etdi.

  • 2 km: çagalar, ene-atalar we täze başlanlar üçin maşgala görnüşli ylgaw
  • Inklýuziw ylgaw
  • 5 km: höwesjeň ylgawçylar üçin
  • 10 km: tejribeli we hünärmen gatnaşyjylar üçin

Çäre resmi açylyş dabarasy bilen başlandy, soňra toparlaýyn gyzdyrylyş maşklary geçirilip, ylgawlara tapgyrlaýyn badalga berildi. Ylgawlardan başga-da, gatnaşyjylar we myhmanlar dürli dynç alyş we maşgala üçin niýetlenen çärelerden lezzet alyp bildiler, bu bolsa irdeniň dowamynda joşgunly we baýramçylyk atmosferasyny döretdi.

Pellehana ýeten gatnaşyjylaryň hemmesine ýadygärlik medallary gowşuryldy, her kategoriýadaky ýeňijiler bolsa hemaýatkärlerimiziň tarapyndan berlen ýörite baýraklar bilen sylaglandy.

“Dostluk ganatlary” ylgawy: ÝBxTürkmenistan” sagdyn durmuş ýörelgesini, jemgyýetiň gatnaşmagyny we dostluk ýaly umumy gymmatlyklary öňe sürmek arkaly ÝB – Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň iş ýüzündäki aýdyň mysaly bolup durýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pr mejlis THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

awtoban 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýollar geljege uzaýar

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop