Dark
Light
13.05.2026
behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj 2 THE ASHGABAT TIMES

Atym bar – ganatym bar

23.04.2026

Halkymyzyň köňül buýsanjy bolan ahalteke bedewleri asyrlar aşyp gelen milli gymmatlygymyzdyr. Parasatly pederlerimiz «At — myrat» diýen pähimi ýörelge edinip, öz arzuw-hyýallaryny we beýik maksatlaryny ýelden ýüwrük atlarymyz bilen baglanyşdyrypdyrlar. Häzirki döwürde bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň esasy bezegi bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň ösüşleriniň okgunlylygyny hem alamatlandyrýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda ussat seýisleriň we atşynaslaryň çekýän asylly zähmetine uly sarpa goýulýar. Sebäbi olar bedewleriň arassa ganlylygyny saklamakda we nesilden-nesle geçirmekde möhüm orun tutýarlar. Halkara derejesinde alnyp barylýan ylmy-barlag we seçgiçilik işleri, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy türkmen atşynaslygynyň dünýäde öňdäki orunlary eýelemegini üpjün edýär. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky başlangyçlary milli atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň bütin dünýäde dabaralanmagyna uly itergi berýär.

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Şunda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny mälim edýär.

Goý, milli atçylyk sungatyny ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

azerbaijan turkmenistan discuss expanding energy cooperation THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ KELAMY

Soňkylar Makalalar

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.

Durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady

11.05.2026
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly şertlerinde her bir döwletiň durnukly ösüşi onuň maýa goýum syýasatynyň netijeliligine we strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenmegine gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan

Hakyda mukaddesligi

08.05.2026
Parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlary, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgeleri alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy dünýä halklarynyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň gülläp ösýän
GitTop