AŞGABAT, 2026-njy ýylyň 29-njy apreli — Şu gün BMG-niň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Çäre BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde gurnaldy.
Duşuşygyň esasy maksady Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň (CEDAW) Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasynyň” amala aşyrylyşyna baha bermekden ybarat boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar «Ýol kartasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler we döwlet dolandyryşynyň hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan ösüşleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu işler gender deňligini ilerletmegiň ulgamlaryny we mehanizmlerini berkitmek boýunça 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýär.
Duşuşyga ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şol sanda Mejlisiň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Maliýe, Içeri işler ministrlikleriniň, şeýle hem degişli jemgyýetçilik guramalarynyň we Adwokatlar kollegiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatlaşmalaryň dowamynda ýurduň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça geljekki ädimlere seredildi we Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini üpjün etmek üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.