Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul edip, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda ilçisi Gismat Gozalow Guwanç Agajanowy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejeli özara saparlaryň we gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Duşuşykda iki ýurduň ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri, aýratyn-da nebit‑gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde hem-de energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Hökümetara bilelikdäki komissiýanyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň baý energetika mümkinçiliklerini we serişdelerini nazara alyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekdiler.
Ilçi Azerbaýjanyň hem Türkmenistanyň Hytaý bilen hyzmatdaşlykda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Bu nukdaýnazardan, SOCAR-yň prezidenti Rowşen Necef ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapar edip, degişli çärelerde gatnaşandygy bellenildi.
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň we doganlyk gatnaşyklarynyň, aýratyn-da energiýa pudagyndaky netijeli we amaly hyzmatdaşlygyň geljekde has-da giňeldilmelidigi ýene-de bir gezek nygtaldy.