Dark
Light
17.05.2026
THE ASHGABAT TIMES

Azerbaýjan Merkezi Banky täzelenen 100 manatlyk banknoty dolanyşyga çykarmaga taýýar

15.04.2026

Azerbaýjan Merkezi Banky milli walýutanyň howpsuzlygyny güýçlendirmek we banknotlaryň häzirki zaman talaplaryna laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen täzeden işlenen 100 manatlyk banknoty 15-nji iýul 2026-da dolanyşyga çykarjakdygyny mälim etdi. Bu barada AZƏRTAC — Azerbaýjan Döwlet Informasiýa Agentligi

Dünýä tejribesinde pul nişanlarynyň yzygiderli täzelenmegi — galplaşdyrmaga garşy göreşiň güýçlendirilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we ulanyjylaryň rahatlygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm ädim hasaplanýar. Azerbaýjan hem şol ugurda hereket edip, soňky ýyllarda 1, 5, 10, 20 we 50 manatlyk banknotlaryň täze görnüşlerini dolanyşyga girizipdi.

Merkezi Bankyň maglumatyna görä, täze 100 manatlyk banknotyň dizaýny we gorag ulgamy häzirki konsepsiýa laýyklykda, iň soňky nano we mikro tehnologiýalar ulanylyp täzeden işlenildi. Banknotyň temasy öňküsi ýaly “Ykdysadyýet we ösüş” bolup galýar.

Täze banknotda Azerbaýjan Merkezi Bankynyň başlygy Taleh Tahiroglu Kazymowyň goly ýerleşdirilip, ol öň tarapynyň çep ýokarky burçunda ýerleşýär.

Merkezi Bankyň bellemegine görä, täze banknotlaryň dolanyşyga girizilmegi milli walýutanyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy we galplaşdyrma howpuny ep-esli azaltmagy maksat edinýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tokio THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

img 5009 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Matematikada mukaddes sanlar

Soňkylar Dünýä habarlary

GitTop