Dark
Light
13.05.2026
flame towers kopiya scaled THE ASHGABAT TIMES

Azerbaýjan: Umumy däpler bilen täze tejribeleriň duşuşýan ýeri

24.04.2026

Bir tarapynda Hazar deňzi, beýleki tarapynda bolsa garly Kawkaz daglarynyň belentlikleri ýerleşýän Azerbaýjan gadymdan bäri Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri hökmünde tanalýar. Bu ýurt diňe bir geografik taýdan däl, eýsem medeni taýdan hem dürli dünýäleriň sazlaşykly birleşýän ýeridir. Häzirki wagtda bu dinamiki medeni çatryk Türkmenistandan gelýän syýahatçylar üçin tanyşlyk bilen täzeligiň ajaýyp utgaşygyny hödürleýär: ýürekden çykýan myhmansöýerlik, baý we tagamly milli aşhana, köp asyrlyk medeni miras hem-de syýahaty ýeňilleşdirýän amatly elektron wiza ulgamy. Bu tejribäni bolsa başga dünýä düşen ýaly täsir galdyrýan dürli tebigy landşaftlar, giň çöllerden başlap ýaşyl dag eteklerine çenli has-da baýlaşdyrýar.

Soňky ýyllarda Azerbaýjan ýylyň ähli pasyllarynda baryp görmäge mynasyp ugur hökmünde öz ornuny has-da berkidip geldi. Bu ýurt aýratyn-da gastronomiki syýahatçylara, sagaldyş dynç alyşyny halaýanlara hem-de dynç alyş bilen işjeňligi utgaşdyrmak isleýän maşgalalara özüne çekiji bolýar. Bu dürli mümkinçilikler medeniýeti, tebigaty we rahatlygy sazlaşykly birleşdirýän bitewi syýahat tejribesini döredýär. Ine, görmäge mynasyp esasy ýerleriň käbiri.

Baku bilen tanyşyň: kontrastyň şäheri

Syýahatlaryň köpüsi ýurduň paýtagty Baku şäherinden başlanýar. Bu ýerde geçmiş bilen häzirki zaman bir giňişlikde sazlaşykly utgaşýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna girizilen Içerişäher (Köne şäher) dar köçeleri, gadymy metjitleri, Ýüpek ýolunyň döwründen galan kerwansaraýlary we gelip çykyşy henizem syr bolup galýan Gyz galasy bilen myhmanlary özüne çekýär. Bu ýerlerde gezelenç edýän adam özüni taryhyň çuňluklaryna syýahat edýän ýaly duýýar.

Muňa kontrast hökmünde, şäheriň döwrebap keşbini janlandyrýän, şeýle hem gijelerine ajaýyp görnüşde ýagtylanýan üç sany beýik aýna bina Alaw Diňleridir. Hazar kenarynda ýerleşýän Baku Bulwary bolsa 16,7 kilometr uzap, dünýä belli arhitektor Zaha Hadid tarapyndan taslanan futuristik görnüşli Geýdar Aliýew merkezine çenli dowam edýär. Bu täsin bina diňe bir arhitektura eseri bolman, eýsem medeni merkezi hökmünde hem hyzmat edýär: onuň içinde sergi zallary, häzirki zaman sungatynyň çalşyp durýan ekspozisiýalary we Azerbaýjanyň baý mirasyny görkezýän muzeýler ýerleşýär.

Gadymylyk bilen häzirki döwrüň bu sazlaşygy myhmanlarda ýatdan çykmajak ilkinji täsir galdyrýar we ýurduň başga bir möhüm aýratynlygyna, ýagny onuň sagaldyş däplerine ýol açýar.

Sagaldyş däpleri

Azerbaýjan sagaldyş we bejeriş tejribeleri boýunça baý mirasa eýedir. Şeýle ugurlaryň iň meşhurlarynyň biri Naftalan bolup, ol dünýäde seýrek duş gelýän bejeriji nebit bilen tanalýar. Bu nebit köp ýyllardan bäri deri, bogun we gan-damar keselleriniň alamatlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen ulanylýar. Naftalan şypahanasy ýylyň dowamynda işleýär we myhmanlaryna ýokary derejeli lukmançylyk hem-de sagaldyş hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle ýerler diňe bir bedeni däl, eýsem ruhy hem täzeläp, doly dynç almaga mümkinçilik berýär.

1727707443 sanatoriy karabah naftalan THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň dowamynda maşgala üçin amatly başdan geçirmeler
Azerbeýjanyň kiçi meýdanyna garamazdan, onuň dürli tebigy şertleri ony maşgala syýahaty üçin örän amatlydyr. Gyş paslynda Şahdag şypahanasy lyžada typmak, gar üstünde oýunlar we çagalar üçin gyzykly çäreleriň merkezi bolýar. Tomusda bolsa bu ýer ýaşyl daglaryň arasynda gezelenç etmek, welosiped sürmek, ziplaýn ýaly işjeň dynç alyş mümkinçiliklerini hödürläp, tebigat bilen has ýakyn aragatnaşyk gurmaga şert döredýär.

Taryh söýüjiler üçin Gobustan milli seýilgähi aýratyn gyzyklydyr. Bu ýerde 6 müňden gowrak gadymy gaýa suratlary ýerleşýär we olar 20 müň ýyl ozalky ibtidaýy adamlaryň durmuşyny, däp-dessurlaryny hem-de awçylyk sahnalaryny şöhlelendirýär. Şeýle hem bu sebit dünýäde iň köp palçyk wulkanlarynyň ýerleşýän ýerleriniň biridir. Bu tebigy hadysalar özboluşly, hatda başga planetany ýada salýan görnüşleri döredýär. Syýahatçylar üçin niýetlenen palçyk wulkanlary toplumy Abşeron sebitinde, Baku şäherinden takmynan bir ýarym sagatlyk aralykda ýerleşýär, bu bolsa ony aňsat baryp bolýan ugur edýär.

gobustan kopiya THE ASHGABAT TIMES

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän şypahanalar bolsa plýaž dynç alyşy üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ýerde arassa çägeli plýažlarda dynç alyp, dürli suw sportlary bilen meşgullanyp, romantik agşamlar geçirip ýa-da dostlaryňyz bilen şatlykly pursatlary paýlaşyp bolýar. Baku töweregindäki kenarýaka ýerler şäheriň depginli durmuşyndan biraz daşlaşyp, rahatlygyň we dynç alyşyň lezzetini duýmaga mümkinçilik berýär.

Umuman alanyňda, bu dürli mümkinçilikler Azerbeýjany ýylyň islendik wagtynda baryp görmäge laýyk, dürli gyzyklanmalary kanagatlandyrýan we ýatdan çykmajak syýahat tejribesini hödürleýän ýurt hökmünde görkezýär. Bu ýerde her bir syýahatçy özüne laýyk, ýagny medeni ýerlere gezelnçler, tebigy gözellikler ýa-da diňe rahat dynç alyş ýaly görnüşlerini tapyp biler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

owganystan turkmenistanyn gatn 6d070738b274ed8c45fba848a4a3760b sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Owganystan Türkmenistanyň gatnaşmagynda demir ýol halkasyny gurmagy meýilleşdirýär

emblem of turkmenistan gerb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Soňkylar Dünýä habarlary

GitTop