Dark
Light
07.10.2026
caga owrediji oyun THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýar nesilleriň kämil terbiýe mekdebi

13.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, bilimli we kämil dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalar baglary bolsa, bu uly maksadyň amala aşyrylýan ilkinji we iň möhüm basgançagydyr. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak hemişe üns merkezinde saklanýar.

Häzirki zaman çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işleri döwlet bilim standartlaryna laýyklykda, çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp toplumlaýyn alnyp barylýar. Bu işleriň çäginde oýunlar we gyzykly gollanmalar arkaly çagalaryň akyl ýetiriş ukyplary, daşky gurşaw we tebigat baradaky düşünjeleri kemala getirilýär. Şeýle hem çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, olara dogry we suwara geplemegi öwretmek, şeýle hem daşary ýurt dillerine bolan höwesini oýarmak boýunça yzygiderli sapaklar geçirilýär.

Halkymyzyň baý medeni mirasyny, nakyllary, ertekileri we däp-dessurlary çagalaryň aňyna guýmak terbiýeçilik işiniň özeni bolup durýar. Döwrebap terbiýeçilik işinde innowasion tehnologiýalaryň orny hem barha artýar. Interaktiw tagtalaryň, öwrediji wideogollanmalaryň we sanly serişdeleriň ulanylmagy sapaklaryň has täsirli we ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýär. Çagalaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak üçin surat çekmek, ýasama sungaty we aýdym-saz meşgullanmalary täzeçe usullarda guralýar. Okuw-terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegi bolan fiziki taýdan sagdynlygy üpjün etmek maksady bilen, irki maşklar, açyk howadaky oýunlar we dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler körpeleriň beden taýdan taplanmagyna we ruhy taýdan şadyýan bolmagyna ýardam edýär.

Görşümiz ýaly, çagalar baglarynda alnyp barylýan işler çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde düýp tutujy ähmiýete eýedir. Terbiýeçileriň asylly zähmeti we döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hakyky watansöýüji we kämil adamlar bolup ýetişjekdigine uly ynam döredýär.

Şahnoza SADULLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk kollazh welo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport – gözelligiň we güýç-gaýratyň sazlaşygy

kitap genjis THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitaplar – ruhy hazynamyz

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop