Dark
Light
06.10.2026
img e3455 THE ASHGABAT TIMES

Bakja-baglardan

01.04.2026

Saýtymyzyň bu gezekki sanynda hem nesil terbiýesi we onuň sagdyn ösüşi hakyndaky käbir terbiýeçilik işgärleriniň çykyşlaryny paýlaşýarys.

SAGDYN ÖSÜŞ MAKSATLARYŇ GÖZBAŞYNDA

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzda nesilleriň kadaly kemala gelmegi, tiz ösüp-ulalmagy, olaryň durmuşynyň has gözel bolmagy we geljeginiň röwşen bolmagy hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň esasy bölegine öwrüldi. Şoňa görä-de, çaganyň irki ösüşi ugrunda has düýpli işler amala aşyrylyp bitewi hyzmatlar ulgamy emele getirildi.

Altyn asyrymyzyň altyn nesilleriniň sagdyn ösmeginde, kadaly iýmitlenmeginde, ählitaraplaýyn ösen hem-de mekdepde we durmuşda üstünlik gazanmaga ukyply bolmagynda, howpsuz gurşawda okamagynda, geljege ynamly garaýan şahsyýet bolup ýetişmeginde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem uly orny bar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpelere mynasyp seretmek, terbiýelemek, sagdyn ösdürmek we ýokary hil derejesinde sowat öwretmek biziň esasy wezipämiz bolmagynda galýar. Çagalaryň köp wagtynyň çagalar-bakja baglarynda geçýändigini nazara alyp maglumat we goldaw bermek arkaly çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy barada ata-eneleriň bilimleri ýokarlandyrylýar. Şeýle-de ata-eneleriň çagalaryň «ilkinji mugallymy» hökmünde ýardam bermegi esasy zerurlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem  birleşen tagallalar esasynda goşmaça goldawa mätäç kiçi ýaşly çagaly bolan maşgalalara goldaw berilýär, çaganyň ösüşindäki yza galmalar we beýleki ýagdaýlar irki döwürde ýüze çykarylýar hem-de degişli ugra gaýtadan gönükdirilýär.

Maýa NEPESOWA,
Türkmengala etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

img e3452 THE ASHGABAT TIMES

TOPAR OTAGY ÇAGALAR ÜÇIN TÄSIRLI BOLMALY

Çagalaryň bilim terbiýesinde, çagalar bakja-bagyna bolan söýgüsini artdyrmakda topar otaglarynyň bezegine we oňyn gurşawyň döredilişine uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda topar otaglarynyň ählitaraplaýyn bezegine uly ähmiýet berilýär. Biz hem topar otagymyzda ähli burçlary we diwarlyklary maksadalaýyk serişdeler, enjamlar, esbaplar we maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyryp, olaryň döwrebaplygyny we mazmunlylygyny artdyrmaga çalyşýarys. Şunda topar otagynda terbiýelenýan çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, şol sanda oýun burçlaryna, terbiýeçiniň usuly burçuna hem üns berilýär. Sebäbi sapaklar we gün tertibiniň pursatlary oýunlar bilen baglydyr.

Elbetde, topar otagynda elektron gollanmalar, sapaklarda peýdalanmaga degişli sanly bilim serişdelerine hem uly orun berilýär. Biz olaryň hem üstüni yzygiderli ýetirip täze serişdeleri ýerleşdiýäris we çagalaryň bilim-terbiýesinde peýdalanýarys. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem toparymyzda bagtyýar nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak ugrunda tejribelerimizi artdyrmak esasy maksatlarymyzyň biridir

Dursunjemal JUMAÝEWA,
Wekilbazar etrabynyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

ÇAGALARYŇ SÖZLEÝŞINI ÖSDÜRMEGIŇ USULLARYNDAN

Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde hem ertekilerdir, rowaýatlar esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Çagalaryň pikirlenmesini, sözleýiş endiklerini, duýgy-düşünjelerini terbiýelemäge ýardam berýär. Aýdymlaryň, läleleriň, tapmaçalaryň, ertekileriň, goşgularyň üsti bilen bolsa körpeleriň sözleýiş medeniýetiniň dogry  kemala gelmegini, dogry ýola düşmegini gazanmak bolýar.

Şeýle işler amal edilýän döwri terbiýeçi sapagyň terbiýeçilik maksatlaryny ýatdan çykarmaly däldir: çagalaryň gürrüň edýän adamyň sözüni bölmän diňläp bilmegini, birek-biregi sylamagy öwretmelidir. Ynha, munuň özi bolsa çagalara adam gatnaşyklaryny öwretmäge, olarda sabyrlylyk, kanagatlylyk ýaly ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemäge şert döredýär.

Ertekiler, rowaýatlar çagalaryň gözýetimini giňeltmek bilen päk ýürekliligi, arassa pikirlenmegi terbiýeleýär we dil baýlygyny, sözleýiş endiklerini  ösdürýär. Halk döredijiliginden ertekileriň gyzykly edip okalyp bermegi çagalaryň mertlik, dostluk, halal zähmet hakyndaky düşünjelerini ösdürmäge, olaryň milli garaýyşlaryny çuňlaşdyrmaga täsir edýär.

Olaryň içinden iň köp ulanylýany terbiýeçiniň okap bermegi, ýagny tekstiň  çaga sözme-söz okalyp berilmegi we mazmun taýdan düşündirilmegidir. Kiçi göwrümli eserler bolsa terbiýeçi tarapyndan ýatdan aýdyp bilner. Şu halatlarda terbiýeçi okajak eserini saýlap alanda hem ünsli bolmalydyr: çagalaryň ýaş aýratynlygy we diňlep bilmek başarnyklary göz öňünde tutulmalydyr.

Näzik AKMÄMMEDOWA,
Murgap etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk bar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdyn bedende – sagdyn ruh

gruziyanyn black sea petroleum c6ba16037ead7e7fc0588c0f2741e07c sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gruziýanyň «Black Sea Petroleum» zawody türkmen nebitini gaýtadan işläp başlar

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop