Dark
Light
20.04.2026
iefq658pjii86elpubq0tawbqy20gt 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Bakuda ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

03.04.2026

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew, Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabarow, “Azerbaýjan Demirýollary” Ýapyk Paýdarlar Jemgyýetiniň Başlygy Rowşan Rustamow, “Baku Halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda meseleleriň giň toplumyna garalyp geçildi. Olaryň hatarynda:

iki ýurduň arasyndaky bar bolan ulag geçelgeleri ösdürmek; iki ýurduň deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we portlaryň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak hem-de ýük geçirijiligini artdyrmak; üstaşyr geçelgeleri boýunça taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek; iki ýurduň arasyndaky söwdany we haryt dolanşygyny ýokarlandyrmak we öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, bu babatda Hazar deňziniň mümkinçiligini doly ulanmak.

Mundan başga-da duşuşyklarda şu ýylda geçiriljek Türkmen-Azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine deslapdan taýýarlyk görmek; iki ýurduň Işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we täze ugurlaryny ýola goýmak; iki ýurduň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek; Aşgabat we Baku şäherlerinde Işewürler forumyny we önümleriň sergisini gurnamaklygyň mümkinçiliklerine garamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Baku Halkara deňiz portyna we Alat erkin ykdysady zolagyna (AFEZ) aýlanyp gördüler we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

qscu6nqhzdw5tkczxjvacsngcize13 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy

image THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Meşhur Reper J. Cole Hytaýyň Basketbol Çempionatyna tazeden gaýdyp geler

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop