Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara sary alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly ajaýyp şygrynda belleýşi ýaly, «Durmuş bir kitap ýalydyr, // Her ýyl — täze sahypasy».
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde uly üstünliklere, şanly wakalara beslenip gelýän ýyllaryň her biri şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna gadam basdy. Täze ýylyň şygary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden belleniljek ýylda ata Watanymyzyň depginli ösüşlerini, nurana geljege ynamly gadamlaryny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesillere ähli babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar ýaşlarymyzyň ýylyň-ýylyna dürli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýandygy bolsa buýsançly hakykatdyr. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem ýaş nesilleriň göwünlerini galkyndyrýar, olary täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar. Şanly ýylymyzda hem bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, abraý-mertebesine halal zähmetleri, döredijilik gözlegleri we belent hyjuwlary bilen mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, halkymyz barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!
Nargül PARBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.