Dark
Light
13.05.2026
295146651aa151b59269555b461125bc 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň ösüşiň täze basgançaklaryna çykýandygynyň we milli gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýylyň şygary — halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň, geljege bolan uly ynamynyň we milli bitewiliginiň beýanydyr.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen bu ýylymyz, adynda jemlenen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» diýen jümleler biziň döwletliligimiziň sarsmaz sütünidir. Bu şygar Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki parahatçylyk söýüji abraýynyň we içerki agzybirliginiň nyşanydyr. Şygaryň beýleki böleginde bolsa «bedew batly» diýen jümläniň manysy örän çuňdyr. Türkmen halky üçin ahalteke bedewi – wepalylygyň, gözelligiň we iň esasy hem, okgunlylygyň nyşanydyr. «At-myrat» diýmek – iň uly maksatlara, iň päk arzuwlara gowuşmak diýmekdir.
Türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Çemen GURBANNAZAROWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awtobann THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýollar ile elter

serhetlerin howps e63bb9e9a4b930959b8cc4259afc9ba4 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Soňkylar Makalalar

Berkararlygyň goşa sütüni

13.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Bu döwür – beýik işleriň döwri

13.05.2026
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň

Milli gämi gurluşygynda tejribeleri artdyryp

13.05.2026
Türkmenistanda gämi gurluşygy täze we strategik senagat pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegine

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.
GitTop