Dark
Light
13.09.2026
bedew bedew THE ASHGABAT TIMES

Bedewler – döwürleriň we göwünleriň buýsanjy

28.04.2026

Halkymyzyň şöhratly taryhyna, şu gününe ser salanymyzda, türkmen bedewleriniň ähli döwürde-de gadyr-gymmatynyň ýokarydygyna magat göz ýetirmek bolýar. Çünki ahalteke bedewlerimiz wagt ölçeginiň çäginden çykyp, ähli eýýamlaryň hem-de heňňamlaryň arzyly gymmatlygyna öwrüldi. Bu günki gün bolsa dal bedewlerimiziň arşyň owazyna deňelýän kişňeýşi parahatçylygyň simfoniýasy, ýurdumyzyň beýik ösüş-özgerişleriniň gaýtalanmajak mukamy bolup ýaňlanýar. 

Halkymyzyň şan-şöhraty sungat derejesine ýetirilen «atçylyk sungaty» ýa-da «seýisçilik sungaty» diýlen düşünjelerde jemlenýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň watançylygynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny ussatlyk bilen açyp görkezýän «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda şeýle diýýär: «Sungat döretmek öz-özüň bolmakdyr, özüňdäki tebigylygyňy açmakdyr. Adamlara mahsus iň hakyky baýlygyň sungatda ýaşaýandygyna men berk ynanýaryn. «Hakykat her kimiň özünde» diýlen pähimli jümleler bardyr. Bu adamyň ruhy baýlygyň eýesidiginiň tekrarlanmasydyr. Ruhy baýlyk — bu sungat döretmekdir».

Atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde we ösmeginde halkymyzyň goşan goşandynyň juda uludygyna taryh şaýat. Meşhur alymlaryň ylmy barlaglary, gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar, gadymy döwürlerde ýaşap geçen akyldarlaryň taryhy maglumatlary bularyň üstüni ýetirýär. Dünýäde ençeme döwletleri guran şöhratly halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsiniň zandyna ornandygy bolsa ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatynyň ösmegine goşan saldamly goşandynyň anyk delilidir. Dünýäniň islendik künjeginde şan-şöhrata eýe bolan ahalteke bedewlerimiz atçylyk sungatynda öz tebigylygyny — wepalylygy, merdanalygy, gözelligi açan halkymyzyň köňül gülzarlygynyň janly şekilde ýüze çykmasydyr.

Ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy bu gün ýurdumyzda uludan bellenýär. At çapdyrylýar, altyn gabak atdyrylýar. Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awto THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze taryhyň şanly sahypasy

bedew capyp baryan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedewler – tutumly toýlaryň ýaraşygy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop