Dark
Light
13.05.2026
bedew capyp baryan THE ASHGABAT TIMES

Bedewler – tutumly toýlaryň ýaraşygy

28.04.2026

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, dünýäniň atçylyk sungatynyň ösmegine goşant goşan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasynyň ajaýyp nusgasydyr. Türkmen atşynaslary, seýisleri ähli güýjüni, zehinini, ukybyny asylly işe bagyş edip, bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny, jemgyýet bilen utgaşykly ösüşini kemala getirmegi başarypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen milli seýisçilik ýörelgeleri sungat derejesine göterilipdir.

Ynsanyň bedewlere bolan hormaty juda beýik. Bedewleriň waspy edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Müňýyllyklary aşan ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar — behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleriň haýsy birini alyp görsegem, bedewiň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan hemrasydygy teswirlenýär. Şeýle hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.

Baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk sportuna bolan ünsüň barha ýokarlanmagy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda bedewlere goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Häzirki wagtda atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar.

Şanly ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem döwrümiziň döredijilik ruhy bilen utgaşýar. Munuň özi uly ähmiýete eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrýar.

Wepa MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew bedew THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedewler – döwürleriň we göwünleriň buýsanjy

bb 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen kompaniýalary «B2B Exchange» formatynda britan işewürleri bilen duşuşarlar

Soňkylar Makalalar

Paýhas äleminiň şamçyragy

12.05.2026
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.

Durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady

11.05.2026
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly şertlerinde her bir döwletiň durnukly ösüşi onuň maýa goýum syýasatynyň netijeliligine we strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenmegine gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan

Hakyda mukaddesligi

08.05.2026
Parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlary, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgeleri alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy dünýä halklarynyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň gülläp ösýän
GitTop