Dark
Light
06.10.2026
bedewler 26 THE ASHGABAT TIMES

Behişdi bedewler – döwletliligiň nyşany

27.04.2026

Gözelligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylary, gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýan şaý-sepleri we beýleki maddy-medeni gymmatlyklarymyz ata-babalarymyzdan gelýän baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Şolaryň hatarynda gyzdan gylykly, ýyndam ahalteke bedewlerimiz häzirki wagtda gözelligiň, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, beýik ösüşleriň nyşanyna öwrüldi.

Halkymyzyň köňül buýsanjy bolan ahalteke bedewleri asyrlar aşyp gelen milli gymmatlygymyzdyr. Parasatly pederlerimiz «At — myrat» diýen pähimi ýörelge edinip, öz arzuw-hyýallaryny we beýik maksatlaryny ýelden ýüwrük atlarymyz bilen baglanyşdyrypdyrlar. Häzirki döwürde bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň esasy bezegi bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň ösüşleriniň okgunlylygyny hem alamatlandyrýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär.

Häzirki döwürde pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi milli atşynaslyk sungatyny ösdürmekde uly orna eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Goý, milli atçylyk sungatyny ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýnur MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

guterris THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy

legislation review meeting THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda aýallaryň hukuklaryny goramak ugrunda milli kanunçylygyň seljermesiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop