Dark
Light
17.05.2026
bilim talyp THE ASHGABAT TIMES

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026

Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine öwrülipdir. Milli köklerden gözbaş alýan terbiýeçilik ulgamy pähim-paýhasa, zähmete we ynsanperwerlige esaslanyp, nesilleriň aňynda sarsmaz gymmatlyklary emele getiripdir. Bu ulgamyň esasyny halkyň döreden baý dilden dörän we maddy däl mirasy — nakyllar, rowaýatlar, eposlar we pederlerimiziň galdyran edep kadalary düzýär.

Halk terbiýeçiliginiň iň naýbaşy tarapy maşgala mukaddesligidir. Pederlerimiz: “Ata kesbi — ogla halal” diýmek bilen, her bir perzendiň öz ojagyndan görüm-görelde almalydygyny öňe sürüpdirler. Bu ýerde bilim we terbiýe biri-birinden aýrylmazdyr. Çaga ulyny sylamak, kiçini ezizlemek, myhmansöýerlik we dogruçyllyk ýaly milli häsiýetleri hem özüne siňdiripdir. Türkmen edep mekdebi “Älem içre at gezer” diýen ýörelgä eýerip, şahsyýetiň abraýyny hemmeden belentde tutupdyr. Bu bolsa bilimiň diňe bir maglumatlar toplumy däl-de, eýsem manyly ýaşaýşyň guralydygyndan habar berýär.

Milli köklerimiziň ýene bir uly bölümi nusgawy edebiýatymyz we pelsepewi eserlerimizdir. Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň we beýleki beýik akyldarlarymyzyň eserleri bilim-terbiýeçilik işiniň bitewi bir programmasy diýsek ýalňyşmarys. Olarda ylymly bolmagyň, Watany söýmegiň we ruhy taýdan belent bolmagyň ýollary anyk görkezilýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman bilim ulgamynda milli terbiýäniň usullaryny peýdalanmak, ýaşlaryň öz taryhy köklerine bolan sarpasyny artdyrýar. Milli miras bilen häzirki zaman innowasiýalarynyň utgaşmagy, döwrebap we vatanperwer nesliň kemala gelmegine şert döredýär.

Jemläp aýdanymyzda, bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri — bu biziň ruhy hazynamyzdyr. Bu kökler näçe çuň bolsa, şonça-da kemala gelýän nesiller berk we kämil bolar. Pederlerimiziň pähim-paýhasyna daýanýan terbiýeçilik ulgamy, nesilleri diňe bir kämil hünärmen däl, eýsem belent adamkärçilikli şahsyýetler edip ýetişdirmekde iň ygtybarly ýoldur. Milli gymmatlyklarymyzy ylym-bilim bilen baýlaşdyrmak bolsa, döwletimiziň we halkymyzyň geljeginiň has-da röwşen bolmagynyň girewidir.

Göwher TÖRÄÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 401-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

matematika bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Matematika – akylyň hazynasy

rt9ev1sodpnd1uyw0lh8y4wbey9cwotaury7zssgobfij0c13pciudvako2k THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalaryň mekdebe taýýarlygy ugrunda

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop