Dark
Light
17.05.2026
at bedew THE ASHGABAT TIMES

Bir belent ykbal sen illere, bedew!

24.04.2026

Ata-babalarymyzyň «Taý ata ýetirer, at — myrada», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly pähimleri behişdi bedewlere belent hormatdan nyşandyr. Türkmen seýisçilik sungatynyň pähim-paýhasa ýugrulan ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilip, şu günki günde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň — aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde döwlet derejesinde dabaraly bellenilmegi hem bu uly sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Ynsanyň bedewlere bolan hormaty juda beýik. Olaryň tarypy örän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, milli edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bedewlere bagyşlap ajaýyp eserleri döredipdirler. Şeýle hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eserinde: «Gadymy grek, arap, pars hem-de hytaý çeşmelerinde «Asman atlary», «Asmany argamaklar», «Behişdi bedewler» ýaly şöhratly meňzetmeler bilen mahabatlandyrylan, Gadymy Parfiýa topragynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke bedewleri deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de ynsana ýaraşykly ýagşy häsiýetleri bilen taryhyň beýik döwletleriniň arasynda iň gymmatly diplomatik sowgat hasaplanypdyr, döwletliligiň nyşany hökmünde görlüpdir» diýmek bilen, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan beýik şöhratyndan söz açýar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň merkeziniň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň bu ugurda dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykmagyna şert döretdi. Bu ädim halkara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek bilen, tejribe alyşmak üçin ygtybarly binýat boldy.

Ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy bu gün ýurdumyzda uludan bellenýär. At çapdyrylýar, altyn gabak atdyrylýar. Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

Batyr ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

5ff81e30a31024adbdad9b0c 1024x683 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Lu Ban ussahanasynyň” açylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp tapgyr

nebitgaz uniwe THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Lu Ban ussahanasy» – täze eýýamyň inženerçilik mekdebi

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop