Dark
Light
13.05.2026
hazar denzi THE ASHGABAT TIMES

Bütindünýä banky Hazar deňziniň ekoulgamyny dikeltmek boýunça taslamany maliýeleşdirmegi tassyklady

14.04.2026

Bütindünýä banky Hazar deňziniň ekoulgamyny dikeltmäge hem-de sebit ýurtlarynyň hapalanmagy dolandyrmak we biologik köpdürlüligi gorap saklamak ugurlarynda mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen ekologik başlangyjy maliýeleşdirmegi tassyklady. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Taslama Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylar hem-de daşky gurşawy goramak pudagynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Maliýe bukjasy 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde tassyklanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu taslama üçin Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) 11,74 million ABŞ dollary möçberinde grant berer. Bu serişdeler Bütindünýä bankyna we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna gönükdiriler we olar üç ýurtda taslamanyň ýerine ýetiriji guramalary hökmünde çykyş ederler.

Mundan başga-da, Bütindünýä banky 8,24 million ABŞ dollary möçberindäki aýratyn taslamany Direktorlar geňeşiniň garamagyna hödürlär we onuň ýerine ýetirilişini BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirligine (UNOPS) ynanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu gurama ekologik we jemgyýet ülňüleriň çäklerinde gurallary işläp taýýarlamak we gatnaşyjylaryň arasynda utgaşdyryşy üpjün etmek üçin GEF tarapyndan 183,5 müň ABŞ dollary möçberinde taýýarlyk grantyny alar.

Taslamanyň gurluşyna üç esasy ugur girýär, ýagny hapalanmagy dolandyrmak — 3,9 million ABŞ dollary, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň ulgamyny ösdürmek — şol möçberde, şeýle hem taslamany dolandyrmak üçin 443,12 müň ABŞ dollary möçberinde pul serişdesiniň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç hapalanmagy gözegçilik etmek boýunça mehanizmleri kämilleşdirmäge we gatnaşyjy ýurtlaryň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmak arkaly biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça çäreleri güýçlendirmäge gönükdirilendir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img e3656 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

wena bal THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oktýabr aýynda Awaza VII Wena balyny kabul eder

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop