Dark
Light
21.04.2026
screenshot 20260406 143651 gallery THE ASHGABAT TIMES

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Rumyniýada mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi

07.04.2026

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we ýylyň şygary bolan “2026 – Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” mynasybetli Bütindünýä Saglyk gününiň öňüsyrasynda, Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplarynyň we watandaşlarymyzyň arasynda dostluk mini-futbol ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşy Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda gurnady.

screenshot 20260406 143733 gallery THE ASHGABAT TIMES

Çäräniň öň ýanynda Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we köpçülikleýin sporty ösdürmek syýasatynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada bellenilip geçildi.

screenshot 20260406 143724 gallery THE ASHGABAT TIMES

Ýaryşa Rumyniýanyň dürli şäherlerinden, şol sanda Buharest, Oradea, Timişoara, Kluj-Napoka we beýleki şäherlerden umumy ýedi topar gatnaşdy. Bäsleşik adalatlylyk, jebislik we agzybirlik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirildi.

Ýaryşyň netijesinde, “Turan” topary (Kluj-Napoka) birinji orny, “Arkadag” (Buharest) ikinji orny we Ilçihananyň topary üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere we iň gowy oýunçylara medallar, hormat hatlar we kuboklar gowşuryldy.

screenshot 20260406 143708 gallery THE ASHGABAT TIMES

Ýaryşa gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin sportuň we ýokary derejeli sportuň ösdürilmegine berilýän üns üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentine minnetdarlyk bildirdiler we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini beýan edýän Bütindünýä Saglyk gününiň çäginde şeýle başlangyçlaryň möhümdigini nygtadylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze eýýamyň işewürlik nusgasy

futbol THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda futbol bäsleşigi geçirildi

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop