Dark
Light
17.05.2026
caga gul THE ASHGABAT TIMES

Çagalarda duýgulary ösdürmegiň ähmiýeti

14.04.2026

Mekdep ýaşyna çenli çagalaryň ruhy we akyl taýdan ösüşinde oýun diňe bir güýmenje däl-de, eýsem daşky dünýäni we öz içki dünýäsini tanamagyň esasy guralydyr. Çaga özüniň gorkusyny, begenjini ýa-da gahar-gazabyny söz bilen doly beýan edip bilmese-de, oýun pursatlarynda bu duygular tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Terbiýeçiniň esasy wezipesi bolsa bu duýgulary dogry ugra gönükdirmekden we çaga öz emosiýalaryna düşünmäge kömek etmekden ybaratdyr.

Duýgulary ösdürmekde mimika oýunlary, meselem, “Duýgy aýnasy” ýaly usullar örän netijelidir. Bu oýunda çagalar biri-biriniň ýüz keşbindäki üýtgeşmeleri gaýtalamak arkaly begenjiň, geň galmagyň ýa-da mähirliligiň nähili görünýändigini öwrenýärler. Bu bolsa olarda empatiýany, ýagny özgeleriň duýgularyna düşünişmek ukybyndan habar berýär. Şeýle hem çagalaryň çekinjeňligini we gorkularyny ýeňmek üçin “Tilsimli guty” ýaly duýuş agzalaryna esaslanýan oýunlar ulanylsa maksadalaýyk bolar. Çaga görmeýän zadyny diňe elini degirmek arkaly sypatlandyranda, öz fiziki duýgularyna we içki ynamyna daýanmagy öwrenýär.

Saz we surat çekmek arkaly guralýan oýunlar bolsa çaganyň içki dünýäsiniň reňkler bilen beýan edilmegine şert döredýär. Dürli äheňli sazlara görä reňkleri saýlamak çagalaryň ruhy ýagdaýyny kadalaşdyrýar we olara asuda bolmagy öwredýär. Terbiýeçi oýun dowamynda çaganyň emosiýalaryny hökman atlandyrmalydyr. Netijede, çagalar bagynda oýunlar arkaly kemala gelen emosional binýat, çaganyň diňe bir bagtyýar çagalyk ýyllaryny däl, eýsem geljekki sagdyn şahsyýet hökmünde kemala gelmegini hem üpjün edýär.

Ýaňyl BAÝRAMDURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 40-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awtoban 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýollar geljege uzaýar

ymambaba THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gurmak, döretmek ýoly bilen beýik geljege

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop