Dark
Light
17.05.2026
rt9ev1sodpnd1uyw0lh8y4wbey9cwotaury7zssgobfij0c13pciudvako2k THE ASHGABAT TIMES

Çagalaryň mekdebe taýýarlygy ugrunda

20.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem bilim özgertmeleriniň, ýaş nesliň terbiýesi we bilimi hakyndaky aladalaryň pedagogik we guramaçylyk taýdan kämilleşdirilýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Ýakynda Pariždäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli çärelerde, şeýle hem Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatynyň tanyşdyrylyşyna we birnäçe halkara duşuşyklarda çaglary mekdebe taýýarlamagyň ýene-de bir möhüm ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Şunda 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap ÝUNISEF bilen bilelikde 5 ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça synag maksatnamasynyň işe girizilmegi baradaky başlangyçlar öňe sürüldi. Bu maksatnamanyň çäginde çagalar üçin ýarym günlük taýýarlyk toparlaryň döredilmegi meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde irki ýaşdaky bilim, sanly ulgamlaýyn okuw we mugallymlary taýýarlamak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Çagany mekdebe taýýarlamak, onuň beden we akyl taýdan sazlaşykly ösmegine, bilim almaga taýýar bolmagyna gönükdirilen möhüm proses hasaplanýar. Bu döwürde maşgalada we çagalar baglarynda öňürti gürleşmek, pikirlenmek, deňeşdirmek ýaly ukyplaryny ösdürmek, şeýle-de 5 ýaşly çagalar üçin ýörite ýarym günlük toparlarda bilim almak arkaly amala aşyrylýar.

Mekdebe taýýarlykda esasy ugurlar:
– Çaganyň irki ýaşdan başlap beden we akyl taýdan ösmegine, terbiýe we bilim almagyna aýratyn üns bermeli.
– Öz-özüň bilen gürleşmek, parallel gürrüň, giňeltmek, anyklyk, maksat we deňeşdirmek ýaly usullar arkaly pikirlenme ukybyny ösdürmeli.
– Türkmenistanda 5 ýaşly çagalar üçin ýarym günlük toparlar döredilýär.
– Çaganyň irki bilimi üçin zerur didaktiki we interaktiw başarnyklary öwrenmekde ene-atalaryň orny uly.

Çagalary mekdebe taýýarlamagyň täze taslamalary esasynda Mary welaýatynda hem guramaçylyk, usulyýet işleri alnyp baryldy. Şunda halkara tejribeden we milli pedagogik tejribelerden ugur alyndy. Toparlaryň okuw otagy, esbaplary, enjamlaşdyrylyşy, mugallymlaryň iş meýilnamalary, usulyýet we dolandyryş gurluşy babatdaky wezipelerde Mekdebe çenli bilim-terbiýe düzümleriniň kadalaryndan, degişli maksatnamalardan we Gözükdirijilerden ugur alyndy.

Geljekde ýaş nesilleriň ak mekdebe uly höwes we ynam bilen gadam basmaklarynda uly ähmiýete eýe boljak bu tutumlaryň we ýurdumyz tarapyndan döredilýän tagallalaryň netijeleri zehinli okuwçylaryň üstünliklerinde duýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim-terbiýeçilik işini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim talyp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

635116a8da1e8671 960x480 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop