Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri goýýar. Milli Liderimiz ýaş nesliň üç dili suwara bilmelidigini nygtaýar.
Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryňdyr hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» kabul etdi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek, Konsepsiýany durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilendir.
Täze taryhy döwrümizde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şolaryň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Kamila MARAWAÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.