Dark
Light
08.08.2026
ankara caga THE ASHGABAT TIMES

Döredijiligiň, çagalygyň we dostlugyň baýramy

28.04.2026

Parahatçylyk bolan ýerde döredijilik gülleýär, çagalyk has-da gözelleşýär, dostluk pugtalanýar, berkeýär. Şu jähetden, 19 — 24-nji aprelde Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 48-nji halkara çagalar festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki doganlyk ýurtda geçirilen bu festiwal çagalygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüldi.

Çagalar hakyndaky alada — geljek hakyndaky alada. Tebigatyň kanunalaýyklygyna görä, körpe nesil bu gün kämil bilim we terbiýe alyp, ýokary ahlakly şahsyýet hökmünde kemala gelmek bilen, ak ertirlerimizi dowamat-dowama atarmaly. Diýmek, çagalaryň bagtyýar hem-de ruhy-ahlak, beden taýdan sagdyn ösüşini gazanmak geljege gönükdirilen iň ygtybarly maýa goýumdyr. Şu nukdaýnazardan, Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasy (TRT) tarapyndan guralan festiwala dünýäniň 27 ýurdundan çagalar toparlarynyň gatnaşmagy, hususan-da, türkmenistanly çagalaryň döredijilik ukyplaryny aýdyň ýüze çykarmaklary örän guwandyryjydyr.

Doganlyk ýurtda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen çagalar festiwaly bu gezek özüniň gerimi we mazmuny boýunça geçen ýyldakylardan has-da tapawutlandy. Çünki festiwal Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň iň saýlama çagalar döredijilik toparlaryny bir ýere jemledi. Çagalar döredijilik toparlary medeniýetleriň dürlüligini, olaryň ählisiniň parahatçylygy we dostlugy wagyz edýändigini joşgunly beýan etdiler. «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalarynyň joşgunly çykyşlary ýurdumyzda körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini tassyklady. Uly sahna çykan ýaşajyk zehinlerimiz türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryndan gözbaş alýan milli öwüşginli tans kompozisiýalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bir söz bilen aýdanyňda, halkara festiwala gatnaşan ähli döredijilik toparlarynyň çykyşlary adamzadyň ýagty geljegi, çagalaryň abadançylygy üçin ählumumy tagallalara çagyryş bolup ýaňlandy. Olaryň her biri dostluk, ählumumy abadançylyk baradaky senanyň çagalaryň dilinde has täsirli ýaňlanýandygyny, bu gymmatlyklaryň häzirki döwürde näderejede möhümdigini görkezdi.

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

11 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy

awto THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze taryhyň şanly sahypasy

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop