Dark
Light
21.04.2026
ushu THE ASHGABAT TIMES

Dünýä çempionatyndan 7 medal!

03.04.2026

Hytaýyň Tianjin şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, jemi 7 medala mynasyp boldular. Dünýäniň 78 ýurdundan 1180 türgen gatnaşan bu iri halkara ýaryş ýaş türgenleriň ukyplaryny görkezmek, olaryň tejribesini baýlaşdyrmak hem-de güýç synanyşmak üçin giň mümkinçilik döretdi.

Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgenleri kümüş medallaryň 3-sini, bürünç medallaryň bolsa 4-sini gazanmagy başardylar. Ýiti häsiýetde geçen tutluşyklaryň netijesinde, uşuwyň sanda görnüşi boýunça 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýlar Süleýmanowa, 70 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sanjar Artykow, 56 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Sähetmyrat Ýagmyrow dagy üstünlikli çykyş edip, kümüş medallary gazandy.

Bürünç medala mynasyp bolanlaryň hatarynda hem ýaş türkmen türgenleriniň birnäçesi tapawutlandy. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 117-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aly Baýramow 42 kilograma çenli, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Berdimuhammet Berdiýew 45 kilograma çenli, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Myrat Nazarow 75 kilograma çenli, şeýle hem Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gudrat Öwezgeldiýew 80 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sergi hyzmat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy

07qcvtrrgor2sqlf16c1ibv 32 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Microsoft Ýaponiýada Emeli Intellekt Üçin 10 Milliard Dollar Maýa Goýýar

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop