Dark
Light
21.04.2026
ykdysady maksat THE ASHGABAT TIMES

Dünýä ykdysadyýeti – uly bazar

03.04.2026

Ýurdumyz dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna sazlaşykly goşulmak bilen, bu ugurda adalatlylygy we deňagramlylygy zerur hasaplaýar. Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda geçirilýän işleriň ähmiýetine hem üns çekildi.

Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň», «Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamalary taýýarlanyldy. 

Dünýä ykdysadyýeti uly bazardyr. Ol döwletlere ösmek üçin giň mümkinçilikleri berýär. Häzirki zaman dünýäsini transkontinental söwdasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna hemişe-de uly ähmiýet berlipdir. Indi onuň ähmiýeti has-da artdy. Türkmenistan erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan ýurt hökmünde ençeme döwletler, dünýäniň esasy iri banklary we guramalary, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen söwda, durmuş, ösüş we ykdysady düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň kadalaryny we düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen, milli kanunçylygy we daşary söwda gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirýär, häzirki zaman içerki bazar we söwda gurallaryny döredýär. Bu gurama agza bolmak bilen bagly geçirilýän işleriň netijesinde, 2020-nji ýylda ýurdumyza bu guramada synçy, 2022-nji ýylda bolsa «goşulýan ýurt», ýagny işjeň synçy derejeleri berildi. Ýurdumyzyň bu gurama girmek baradaky gepleşikleri yzygiderli ilerleýär.

Türkmenistanyň daşary söwdadaky ornunyň pugtalandyrylmagy, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, umuman, daşary söwda dolanyşygynda ösüş depgininiň ýokarlanmagy milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gös-göni baglydyr. Ýurdumyzy ýakyn we uzak ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalary bir bitewi döwlet ösüş strategiýasyny emele getirýär. Şonuň üçin daşary ykdysady syýasat boýunça toplumlaýyn işleri gyşarnyksyz berjaý etmek diňe talap ýa-da borç bolman, eýsem, ýurdy ösdürmegiň iň möhüm strategik ugry bolup durýar.

Seýitkuly IŞANOW,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň ykdysadyýetiň esaslary dersi mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 9217 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hünär ussatlygy – döwrüň talaby

sergi hyzmat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop