Dark
Light
13.04.2026
024 1 THE ASHGABAT TIMES

Durnukly Ösüşde Energiýa Tygşytlaýjy Tehnologiýalaryň Orny

01.04.2026

ANNOTASIÝA

Häzirki zamanyň durnukly ykdysady ösüşini kemala getirmekde we ösdürmekde energiýa serişdelerinden rasional peýdalanmak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.Türkmenistanda bu ugurdaky işler 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen “Energiýany tygşytlamak we energiýa netijeliligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny hukuk taýdan kepillendirýär. Bu resminama energiýa serişdeleriniň önümçiliginden başlap, olaryň sarp edijilere ýetirilmegine we ahyrky ulanylyşyna çenli bolan tapgyrlarda ýokary netijeliligi gazanmagyň ylmy-praktiki esaslaryny düzgünleşdirýär.

Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak diňe bir ykdysady tygşytlylyk bilen çäklenmän, eýsem daşky gurşawy goramak we “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ugrundaky halkara borçnamalaryň berjaý edilmegine hem hyzmat edýär. Makalada agzalýan kanunyň talaplaryna laýyklykda, senagat kärhanalarynda energetika barlaglarynyň (auditiniň) geçirilmegi, binalaryň gurluşygynda ýylylyk saklaýjy innowasion materiallaryň ulanylmagy we energiýa sarp edýän enjamlaryň döwrebap standartlara laýyk getirilmegi ylmy esasda seljerilýär. Aýratyn hem, sanly tehnologiýalaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen energiýa sarp edilişiniň monitoringini guramak, sarp edijilerde tygşytlylyk ulgamyny kemala getirmegiň gurallary öwrenilýär.

Ylmy esaslandyrmalaryň görkezişi ýaly, energiýany netijeli ulanmak milli önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, energetika howpsuzlygyny berkitmäge we tebigy baýlyklary geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, energiýa tygşytlylygy boýunça alnyp barylýan çäreler ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we ekologik taýdan arassa ösüşiň üpjün edilmegine gönüden-göni badalga berýär. Bu bolsa öz gezeginde, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri we durnukly ösüş maksatlary bilen doly sazlaşýandygyny subut edýär

Ogulgerek ATAÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

659e1cb0892e6743169299 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energiýa Netijeliligi – Durnukly Ösüşiň Strategik Binýady

8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilendir

Soňkylar Makalalar

Mekdepden daşary çagalar edaralarynda

13.04.2026
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini maksadalaýyk guramak, ýaşlaryň bilim almaga we hünär öwrenmäge bolan höweslerini goldamak, döredijilik, tehniki we beýleki ugurlar boýunça meşgullanmalary netijeli amala

Halypa grafikaçynyň we nakgaşyň şahsy sergisi

12.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar.

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil
GitTop