Dark
Light
21.04.2026
1 THE ASHGABAT TIMES

«Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy

04.04.2026

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

3 THE ASHGABAT TIMES

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň baş hünärmeni Ezizmuhammet Mämmedow we Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Bu dabaraly waka «Hereketde bolmak» («En mouvement») şygary astynda geçirilýän giň gerimli «Frankofoniýa – 2026» baýramçylygynyň iň möhüm bölegine öwrüldi.

4 THE ASHGABAT TIMES

Däp bolşy ýaly, her ýylyň 20-nji martynda dünýä jemgyýeti tarapyndan bellenilýän halkara Frankofoniýa güni bu ýyl hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. 2026-njy ýylyň maksatnamasyna aýdym aýtmak, dilden dürs ýazuw, düzme ýazmak bäsleşikleri, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasyndaky fransuz dili boýunça olimpiadanyň diktant, test we söhbetdeşlik tapgyrlary girizildi.

2 THE ASHGABAT TIMES

Bu çäre Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, şeýle hem fransuz dilinde gepleýän ýurtlaryň: Belgiýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň, Kanadanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýakyndan goldamagynda guraldy. «Frankofoniýa – 2026» bäsleşigine «TotalEnergies», «Bouygues Turkmen», «Boutique de Paris», «Eurocosmetics», «Lacoste», «La Tartine», «Swiss Best», «Alliance», «Le.Travel», «Dessange International» kompaniýalary hemaýatkärlik etdiler.

Bäsleşige fransuz diline we medeniýetine höwesli talyplar, mekdep okuwçylary hem-de Fransuz institutynyň diňleýjileri işjeň gatnaşyp, öz bilimlerini we ukyplaryny görkezdiler. Döredijilik we intellektual bäsleşikleriň ähli ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda bäsleşigiň guramaçylaryndan we hemaýatkärlerinden diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maliye instituty magistr maksatnamasy thumb kkefbgn THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory bellenildi

bp considers joining turkmen k f8cd71b7b469f15bd03947f8493a7259 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BP türkmen we gazak gazynyň eksportynyň täze ugruny döretmäge gatnaşmakçy

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop