Dark
Light
21.04.2026
fran konsert THE ASHGABAT TIMES

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

06.04.2026

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Fransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Çäre 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlandy.

Çärä ýerli häkimiýet wekilleri, medeniýet işgärleri, diplomatik korpusyň agzalary hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyna uly gyzyklanma bildiren sebitiň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

fran kon THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýew öz çykyşynda medeni dialogyň halklary ýakynlaşdyrmakdaky möhüm ornuny belläp, medeniýetiň ýurtlaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrýan möhüm serişdedigini nygtady.

Ilçi şäher häkimine, şeýle hem Gretz-Armanwilýe şäheriniň häkiminiň orunbasary we «Fransiýa–Türkmenistan» Assosiasiýasynyň Prezidenti jenap Kristian Burdeýe çäräniň ýokary derejede guralmagyna goşan goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl Türkmenistanda ahalteke bedewiniň ýyly hökmünde yglan edildi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Konsertiň dowamynda milli aýdym-sazlar, halk döredijilik eserleri we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezilip, myhmanlara türkmen medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Çäräniň çäginde guralan sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň medeni mirasynyň gymmatlyklary — halylar, milli el işleri we saz gurallary görkezildi. Myhmanlar dutaryň owazyny bagşy ýerine ýetirişinde diňläp, şeýle hem türkmen milli tagamlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk gun new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgesi

owgan maa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogy geçirildi

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop