Düýn, 7-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň başynda Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk we döwlet işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz Walentina Matwiýenkonyň türkmen-rus dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýändigini belläp, oktýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Zenanlaryň dialogyny; Demografiýa meseleleri boýunça maslahaty; GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýokary derejeli çäresini goldandygy üçin W.Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi.
Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselesi söhbetdeşligiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Milli Liderimiz iki halkyň taryhy mirasyny gorap saklamakda amala aşyrylýan işlere, hususan-da “Hatyra otlusy” we “Modanyň Arkalaşygy” ýaly başlangyçlara ýokary baha berdi.
«THE ASHGABAT TIMES».