Dark
Light
13.05.2026
res sergi THE ASHGABAT TIMES

Gazak paýtagtynda «RES 2026 EXPO» sergisi açyldy

23.04.2026

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti badalga aldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de Ermenistanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň Prezidentleriniň, Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň we beýleki ýurtlardan resmi wekiliýetleriň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän «EXPO» halkara sergiler merkezinde guralýan «RES 2026 EXPO» halkara sergisine baryp gördüler. Bu barada resmi metbugatyň elektron sahypasynda habar berildi.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Azerbaýjanyň milli pawilýonlary ýerleşdirilen giň gerimli gözden geçirilişde Türkmenistanyň pawilýonyna hem aýratyn orun berlipdir.

«Ýaşyl» tehnologiýalaryň we durnukly çözgütleriň «RES 2026 EXPO» halkara sergisi Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilip, onuň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş babatda gazanan üstünliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. 22 — 24-nji aprel aralygynda dowam etjek sergi 30 ýurtdan 300-e golaý kompaniýanyň wekillerini bir ýerde jemleýär. Onuň dowam edýän günlerinde gözden geçirilişe 20 müň töweregi adamyň baryp görmegine garaşylýar.

«RES 2026 EXPO» halkara sergisi Sebitleýin ekologiýa sammitiniň aýratyn resmi bölegi bolup, onda sebitiň ekologik geljegini kemala getirýän tehnologiýalardyr innowasiýalara: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we howa ulgamlary, sirkulýar ykdysadyýet, emeli aň, «ýaşyl» maliýe, «akylly» şäherler, biodürlüligi gorap saklamak, ekologik gurluşyk, häzirki zaman agrotehnologiýalary ýaly ugurlara uly üns berilýär.

Sergide durnukly ösüş ulgamynda çözgütleri hödürleýän kompaniýalar öz taslamalaryny tanyşdyrmaga, özara gatnaşyklary ýola goýmaga, täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

konkur 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda konkur boýunça ýaryş geçirildi

eko forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Sebitleýin ekologiýa sammitinde çykyş etdi

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop