Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil hünärmenler, ilhalar hem-de zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň biridir.
Bu ajaýyp şertler ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymda, bilimde we zähmetde gazanýan üstünliklerinde aýdyň görünýär. Döwrebap bilim-terbiýe almak, döredijilikli zähmet çekmek, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmek we ýurdumyzy ykdysady, syýasy hem medeni taýdan ösdürmäge uly goşantlary goşmak – bagtyýar ýaşlarymyzyň esasy maksadydyr. Berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, abraý-mertebesini has-da belende götermekde ýaşlaryň orny has-da aýratyndyr. Bu bolsa ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaşlaryndan ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi talap edýär.
Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Türkmenistanyň ýokary depginli ösüşiniň üpjün edilmegi häzirki zamanyň döwrebap tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän zehinli ýaşlara baglydyr.
Halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdýarys.
Gülbahar BERDIÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby