Dark
Light
13.04.2026
gruziyanyn black sea petroleum c6ba16037ead7e7fc0588c0f2741e07c sm THE ASHGABAT TIMES

Gruziýanyň «Black Sea Petroleum» zawody türkmen nebitini gaýtadan işläp başlar

01.04.2026

Gruziýanyň «Black Sea Petroleum» (BSP) nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistandan we Gazagystandan getirilýän nebiti gaýtadan işläp başlar.

«Business Media Georgia» agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, kompaniýanyň baş direktory Dawid Posweriýa türkmen çig malynyň üpjünçiligi boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny we ýakyn aýlarda bu ugurda işleriň başlanjakdygyny aýtdy.

Dawid Posweriýa häzirki wagtda Azerbaýjanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly nebitiň yzygiderli daşalmagy boýunça logistika meseleleriniň hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny nygtady.

«Black Sea Petroleum» (BSP) — Gruziýanyň Gara deňziniň kenaryndaky Kulewi şäherinde ýerleşýän ilkinji doly göwrümli nebiti gaýtadan işleýän zawoddyr. Häzirki wagtda kärhana ýylda 1,2 million tonna çenli nebiti gaýtadan işläp; nafta, mazut we dizel ýangyjynyň komponentlerini öndürýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img e3455 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bakja-baglardan

bmgmas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçirildi

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop