Dark
Light
17.05.2026
img e3656 THE ASHGABAT TIMES

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026

Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikler ezberleri we has tapawutly zähmet çekýänleri ýüze çykarmaga itergi berýär. 2025-2026-njy okuw ýyly boýunça «Ýylyň iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri», «Ýylyň iň göreldeli çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy» atly bäsleşikleriň Mary welaýat tapgyrynda hem munuň şeýledigine göz ýetirmek boldy. Biz hem bu bäsleşiklere gatnaşyp, baş baýraga eýe bolan pedagogik işgärleriň ýürek buýsançlaryny saýtyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Sähra AKMÄMMEDOWA,
Mary etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:

― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri» bäsleşigiň Mary welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolmak diňe meniň üçin däl, tutuş çagalar bakja-bagymyz üçin buýsançly waka boldy. Bu bäsleşik biziň mundan beýläk hem okuw-terbiýeçilik, maliýe-hojalyk, guramaçylyk-dolandyryş işleri babatda işjeňligimizi, Döwlet maksatnamalaryndan, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky degişli resminamalardan ugur alyp has yhlasly we netijeli işlemegimize itergi berdi. Täze zähmet üstünliklerine höweslendirýän bu pursatlar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem üstünlikli çykyş etmäge ruhlandyrýar. 

Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän täze çagalar bakja-baglary, hünärmenleri ýetişdirmekde toplanýan tejribeler, sanly bilim serişdelerini ornaşdyrmak we halkara usullaryny özleşdirmek ugrundaky şertler ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, terbiýeli we sowatly mekdebe taýýarlanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň işjeň durmuşa geçirilmegi bolsa täzeçe iş usullaryna daýnaýan okuw işleri bilen birlikde, pedagogik işgärleriň hünär tejribelerini artdyrmaga, täze usullary döredijilikli ornaşdyrmaga ýol açýar.

Biz hem şeýle tutumly işlerden we döwletli tagallalardan ugur alyp, bakja-bagymyzyň ähli işgärleri bilen birlikde mundan beýläk hem asylly maksatlara ýetmekde, körpe nesillerimiziň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda, milli ruhda terbiýelenmegine goşant goşmakda yhlas-başarnyklarymyzy gaýgyrmarys.

img e3536 THE ASHGABAT TIMES

Leýli SÄHETLIÝEWA,
Mary şäheriniň 41-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi:

― Usulyýeti kämilleşdirmek, tejribeleri artdyrmak, çagalara bilim berlişiniň we terbiýelenilişiniň mazmunlylygyny we hilini ýokarlandyrmak ugrunda pedagogik işgärlere usuly kömek bermek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly terbiýeçilik, usulyýetçilik işleri biziň wezipämiziň esaslaryny düzýär. Şoňa görä-de, biz hemişe pedagogik täzelikleri, usuly işleri öwrenmäge we ýaýratmaga çalyşýarys. Hünär ugrumyz boýunça zähmet çekmek bilen gazanan üstünliklerimizi, görkezijilerimizi, ýerine ýetirýän işlerimiziň aýratynlyklaryny açyp görkezmekde bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikler hem has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Ýakynda «Iň göreldeli çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy» atly bäsleşige gatnaşyp, welaýat derejesinde baş baýraga eýe bolmak meniň hünär durmuşymda täze sahypalary açdy. Munuň özi biziň terbiýeçilerimiz, daşary ýurt dilleri mugallymlarymyz, aýdym-saz ýolbaşçylarymyz we beýleki işgärler bilen bilelikdäki işlerimiziň netijesi bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, biz islendik wagtda hem milli bilim işgärleri hökmünde döwrümize buýsanyp, yhlasly zähmet çekýändigimizi buýsanç bilen aýdyp bileris. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly eserleri biziň iň ýakyn gollanmalarymyz bolup durýar. Bu eserlerden peýdalanyp ýerine ýetirilýän işler bolsa hemişe öz netijesini berýär. Döwletimiziň bilim mümkinçilikleri we körpeleri mekdebe taýýarlamakda, irki ösüşi gazanmakda we sagdyn terbiýelemekde döredilýän şertler usuly taýdan kämilleşmegiň esasy çeşmesine öwrüldi. Şeýlelikde, biz täze usullary özleşdirmek maksady bilen görkezme esbaplaryň, täze usuly gollanmalaryň, elektron maglumalaryň we serişdeleriň üstünde işlemegimizi dowam edýäris. Çünki usulyýet ilkinji nobatda serişdeler, maglumatlar bilen baýlaşdyrylanda has täsirli we çuňňur bolýar. Şoňa görä-de, usuly sagatlarymyzy döwrebap gurap hünär tejribelerimizi artdyrýarys. Jemgyýetçilik çärelerine, usuly-amaly maslahatlara, pedagogik işlere işjeň gatnaşyp, öz bilimlerimizi kämilleşdirýäris.

***

Degişli bäsleşiklerde baş baýraga eýe bolan, pedagogik işgärleriň çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, döwrümiziň bilim kuwwaty täze zehinleriň we ezber hünärmenleriň kemala gelmegine giň ýollar açýar. Bilim işgärleri işine höwesli we ussat bolanda ýurda wepaly ogul-gyzlar kemala gelýär. Döwrümiziň bagtyýar nesillerini, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda bolsa şeýle işjeň bilim işgärleriniň sanynyň artýandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Buýsançly döwrüň bilim işgärleri bolup zähmet çekmek, ýene-de okamak, öwrenmek, hünäri kämilleşdirmek biziň saýlan ýolumyz. Goý, parahat Watanymyzda bilim-ojaklarynyň mundan beýläk hem netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar bolsun!

Taýýarlan: Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim talyp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maksatly il myrada ýeter

hazar denzi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bütindünýä banky Hazar deňziniň ekoulgamyny dikeltmek boýunça taslamany maliýeleşdirmegi tassyklady

Soňkylar Makalalar

Döwlet nyşanlaryna belent sarpa

15.05.2026
Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz täze taryhy eýýamda döwletliligimiziň mizemez sütünleri hökmünde çykyş edýär. Bu iki mukaddeslik diňe

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

15.05.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir şanly sene halkymyzyň taryhy buýsanjyny, milli agzybirligini we döwletlilige bolan belent hormatyny dabaralandyrýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

14.05.2026
Matematikany okatmagyň usulyýeti pedagogika ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny, usullaryny we guramaçylyk şertlerini ylmy esasda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Iňlis dilini öwretmekde pedagogik wezipeler

14.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri
GitTop