Dark
Light
13.10.2026
ymambaba THE ASHGABAT TIMES

Gurmak, döretmek ýoly bilen beýik geljege

14.04.2026

Biz mukaddes Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak, geljekki nesillerimiz üçin uly miras peşgeş boljak beýik tutumlaryň we ajaýyp wakalaryň ruhy dabaralanmasyna şaýat bolýarys. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynyň täze galkynyşlara beslenen şu nurana günlerinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hawa, gurmak, döretmek we bina galdyrmak — taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuşynyň we häsiýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen, ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes ýoldur. Türkmen halky haýsy döwürde ýaşasa-da, guran binalary, galdyran şäherleri we döreden maddy-ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelýär. Bu gün şol asylly milli ýörelgeleriň Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde täze belentliklere göterilýändigini şaýat bolýarys.

Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly zähmet sowgatlary bilen barýan günlerimizde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar. Bu taryhy waka diňe bir gurluşyk dabarasy bolman, eýsem, pederlerimizden gelýän «Abatlyk — bina bilen» diýen sarsmaz ýörelgämiziň häzirki döwrüň sanly ösüşleri bilen bitewi sazlaşygyny dabaralandyrýan täze eýýamyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan bu beýik tutumlar, Mary topragynyň egsilmez bereketi we döwletimiziň bedew batly ösüşleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, täze taryhy eýýamyň iň nurana sahypalaryny ýazýar. Bu ýerde guruljak her bir jaý, açyljak her bir durmuş maksatly desga ýurdumyzyň ýaşlary üçin diňe bir täze mümkinçilikleriň gapysyny açman, eýsem olaryň öňde goýan belent maksatlaryna we röwşen arzuwlaryna ýetmeklerinde mizemez binýat hem-de geljege gönükdirilen esasy çelgi bolar. Bu amala aşyryljak işler ýaş nesillerimizi täze taryhy ýeňişlere ruhlandyrmak bilen, olaryň bagtyýar durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň aýdyň kepiline öwrüler.

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga gul THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalarda duýgulary ösdürmegiň ähmiýeti

parahatcylyk new 25 kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tagallalaryň birligi – maksatlaryň bitewüligi

Soňkylar Makalalar

Zenanlaryň başlangyçlary – umumadamzat bähbidi

12.10.2026
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň

Suw ýollary – durnukly ösüşiň bähbidine

12.10.2026
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şunda Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy

Demografik ösüş – döwrüň meselesi

12.10.2026
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

12.10.2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda guralan, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara derejeli möhüm çäreler wajyplygy we netijeliligi bilen

Köňüllere ganat bitiren şygyr

12.10.2026
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp şygrynyň halkymyza ýetirilmeginde ägirt uly many bar. Şygyr ýöne ýere döremeýär.
GitTop