Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan şu günlerimiz geljekki nesiller üçin nusgalyk miras boljak beýik tutumlara we ajaýyp wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynyň nurana günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Gurmak we döretmek taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen, ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýoldur. Türkmen halky ähli döwürlerde-de guran binalary, şäherleri we döreden maddy-ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelýär. Bu günki günde bolsa şol milli ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde täze belentliklere göterilýär. Bu döwrebap gurluşyklar halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýadydyr. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik tutumlar täze taryhy eýýamyň nurana sahypalaryny ýazýar. Bu ýerde guruljak her bir jaý, açyljak durmuş maksatly desgalar ýaşlarymyzyň belent maksatlaryna we röwşen arzuwlaryna ýetmeklerinde mizemez binýat bolar. Bu gurluşyklar ýaş nesillerimizi täze taryhy ýeňişlere ruhlandyrmak bilen, olaryň bagtyýar durmuşynyň aýdyň kepiline öwrüler. Bularyň ählisi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň, nesilleriň kämil terbiýesiniň we halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ähli özgertmeleriň özenini düzýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzda «Ýol salan — jennetden jaý alar» diýen pähimli söz bar. Ýol gurmak, köpri salmak iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu asylly ýörelge diňe bir şäherleri däl, eýsem, adamlaryň ykballaryny we ýüreklerini hem ýakynlaşdyrýar. Asyrlarboýy ymgyr Garagum sährasy bilen hemdem ýaşan halkymyz uzak ülkelere kerwen ýollaryny çekip, dünýä medeniýetine uly goşant goşupdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan sogaply ýörelgeler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy hem aýdyň mysaldyr.
Halkymyzy we bagtyýar ýaşlarymyzy nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, aýdyň maksatly tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.