2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.
ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn özara duşuşygy ýola goýmak boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň arasynda elektron görnüşde ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi.
Ýurdumyzda ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy häzirki zaman ylmynyň gazananlary boýunça özara hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn ösdürmäge hem-de milli tejribäni dünýä giňişliginde wagyz etmäge ýardam berer. Şanly ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren bu çözgüt ýurdumyzda ÝUNESKO kafedralarynyň sanyny artdyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».