Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, şekillendiriş sungaty milletiň ruhy ahlak, estetiki gymmatlyklaryny, halkyň ruhy we medeni mirasynyň joşýan hazynasyna öwrüldi.
Häzirki zaman türkmen nakgaşlyk sungaty öz öňünde birnäçe wezipeleri goýdy. Bu bolsa suratkeşleriň döredijiliginde milli äheňleri şöhlelendirmäge mümkinçilik berýär. Nakgaşlar sungatyň täsirli mümkinçiliklerini işjeň gözleýärler, olar bu günki hakykatyň çuňňur we köptaraply tebigatyny şöhlelendirmäge çalyşýarlar. Olardan Annadurdy Almämmedow, Babageldi Owganow, Kakageldi Gurbangeldiýew, Gurbangeldi Gurbanow, Saparmämmet Meredow, Hojamuhammet Çüriýew, Berdi Çaryýew, Amanmyrat Ataballyýew, Ahmet Hallyýew ýaly görnükli türkmen suratkeşleri nakgaşlykda ajaýyp eserleri döredýärler. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, türkmen ussatlary milli ruhumyzy galkyndyryjy, belent owazly eserleri döredip başladylar.
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň 75 ýaşyna bagyşlanan şahsy sergisi açyldy. Bu sergi diýseň täsirli we ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Şahsy sergini synlamaga birnäçe suratkeşler gelip, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Olardan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, halk suratkeş Saragt Babaýew, Öwezmuhammet Mämmetnurow, Azat Annaýew, Babasary Annamyradow ýaly beýik ussatlar suratkeşiň 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, halypa grafikaçynyň we nakgaşyň türkmen sungatyndaky belent ornuny bellediler.
Gurbangeldi Gurbanow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Kese-ýap obasynda dogulýar. Suratkeş ýaşlykdan saz sungaty bilen gyzyklanyp başlasa-da, ol öz erkini şekillendiriş sungatynyň täsinliklerine aldyrypdyr. Şondan soňra 1966–1970-nji ýyllarda Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) nakgaşçylyk bölüminde Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň we Muzafar Daneşwaryň halypaçylygynda bilim alýar. Ol özüniň döredijilik kämilligini has-da artdyrmak maksady bilen, 1975-nji ýylda, şol ýyllarda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy wezipesini ýerine ýetiren Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň ýanyna baryp, özüni Moskwanyň etegindäki Senež kölüniň ýanyndaky döredijilik öýüne ugradylmagyny haýyş edýär. Suratkeşi şol ýylda Moskwanyň etegindäki Senež kölüniň ýanyndaky döredijilik öýüne ugradylýar. Suratkeş öz bilimini döredijilik öýünde dowam etdirýär. Ol Senež kölüniň ýanyndaky döredijilik öýüne 7 ýyl gatnaýar. Bu ýerde onuň halypa mugallymy rus suratkeşi grafikaçy Ýewgeniý Sidorkin bolýar.
Halypa suratkeşiň şahsy sergisindäki eserlerini synlanyňda olaryň reňk sazlaşygyna, jikme-jik ýerine ýetirilen alamatlaryň, şekilleriň üýtgeşikligine maýyl bolýarsyň. Olardan “Täze Aý”, “Garaşmak”, “Toý güni”, “Ýaşulynyň portreti”, “Meniň doglan günüm”, “Toýa” ýaly birnäçe belli grafika eserleri oba durmuşyna, suratkeşiň öz çagalyk döwrüne, çaganyň we enäniň, adamyň we tebigatyň birligine bagyşlanylýar. “Köpri” (1990), “Düýeler” (2003), “Merw” (2013), “Toý” (2005), “Ýagyş” (2006), “Meniň maşgalam” (2010), “Düýeler” (2006), “Dowamat” (2010), “Jerenler” (2010), “Altyn toý” (2003) ýaly nakgaş eserlerinde oba durmuşy, suratkeşiň çagalyk döwri, maşgala söýgüsi barada beýan edilýär.
Agzybir maşgala – bagtyň açary hasaplanýar. Gurbangeldi Gurbanowyň maşgala temasyna bagyşlanan eserlerinde hem muny duýmazlyk asla mümkin däl. Suratkeşiň “Eneler” (1996) atly grafika eserinde maşgalanyň agzybirligini, ýylylygyny we ene mährini ýumşak, sary, gyzyl reňkleriň üsti bilen duýup bolýar. Eseriň merkezinde dört zenan – ejesi, enesi, mamasy hem-de uýasy görkezilýär. Ejesiniň gujagynda bolsa, suratkeş özüni suratlandyrýar. Maşgala bolup agzybirlikde bir ojagyň başynda täze doglan perzendi synlap oturan zenanlar biri-birine mähir bilen garaýarlar. Dürli galamlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen bu eserde, esasan, sary, gyzyl, goňur reňkler ýumşaklyk bilen ýüpek ýaly öwüşgini emele getirýär. Ýagty we ýyly reňkleriň toplumy maşgalanyň arasyndaky söýgini, ýyly mähri we agzybirligi alamatlandyrýar. Uzakdaky çagaly zenan keşpleri bolsa, nesil dowamatynyň dowam edýändigini aňladýar. Suratkeş reňkleriň akgynly sazlaşygy arkaly diňe bir daşky keşbi däl, eýsem, içki duýgularyň owazyny açyp görkezmegi başarýar. Inçe çyzgylar, reňkleriň biri-birine sazlaşykly geçişi eserdäki ruhy ýagdaýy güýçlendirýär. Kölegeleriň we ýagtylygyň gapma-garşylygy arkaly keşpler has-da janly görünýär. Bu usul eseriň duýgy taýdan has-da täsirini artdyrýar. Eser az hereketli bolsa-da, duýgy taýdan örän täsirli. Bu täsirler tomaşaçyny mähir, rahatlyk we ynsanperwerlik barada pikirlenmäge itergi berýär. Realizm akymynyň täsiri bilen hakyky adam keşplerini, durmuşdan alnan wakalaryň, pursatlary suratlandyrylýar.
Umuman, Gurbangeldi Gurbanow häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň biri bolup, ol öz topragynyň milli medeni gymmatlyklarynyň, halkynyň taryhyny, tebigatyny we gündelik durmuşynyň çeper waspçysydyr. Suratkeşiň eserlerinde milli ruh, halk däplerine bolan hormat we watançylyk duýgulary aýdyň görünýär. Onuň döredijiliginde reňkleriň sazlaşygy, taslamanyň bitewiligi hem-de şekilleriň duýgy taýdan täsirliligi aýratyn orna eýe bolýar. Eserleriniň taslama we çeper gurluşy, çyzgylaryň anyklygy, reňkleriň biri-biri bilen sazlaşygy, ýagty-kölege gatnaşyklarynyň güýçlendirilişi bilen tapawutlanýar.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Bägül HOJANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby.